Brýusselde Türkmenistan we Ýunus Emre instituty bilelikdäki medeni hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Palwanow Brýusseldäki Ýunus Emre institutynyň koordinatory Abdulla Demir bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar medeni gatnaşyklaryň giňeldilmegi we Brýusselde birnäçe bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdy. Bu barada anna güni Türkmenistanyň Belgiýadaky Ilçihanasy habar berdi.