"Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy" tassyklandy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, "Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy" baradaky Karara, 2024-nji ýylyň 21-nji dekabrynda sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky Hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi. Bu barada TDH gullugy habar berildi.