Saud Arabystany Patyşalygynyň döwlet ministri, Ministrler Kabinetiniň agzasy bilen duşuşyk geçirildi
2025-nji ýylyň 2-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň döwlet ministri, Ministrler Kabinetiniň agzasy Emir Turki bin Muhammed Al Saudyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada DIM-iň resmi saýty habar berýär.