Türkmenistan 2025-2026-njy ýyllar üçin GDA-da ynsanperwer hyzmatdaşlyk meýilnamasyny taýýarlamaga we kabul etmäge gatnaşdy
2024-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Moskwada Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisi bolup geçdi. Oňa Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň GDA-nyň kanuny we beýleki edaralaryndaky hemişelik doly ygtyýarly wekili Nazarguly Şagulyýew gatnaşdy.