Gwatemala Respublikasynyň Ilçisi Türkmenistanyň DIM-de ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy
2025-nji ýylyň 10-njy fewralynda Türkmenistanyň DIM-de Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Gwatemala Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Ankara ş.) Eduardo Enrike Ernandes Resinosyň arasynda duşuşyk geçirildi. Ilçi özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Bu barada DIM-iň resmi saýty habar berýär.