08 Few 2024
Şu ýylyň ýazynda Belarusyň ýüklerini Hazaryň üstünden uzaýan ugur boýunça daşamak synag edilip başlanar
Belarus Respublikasynyň Premýer-ministri Roman Golowçenkonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Astrahan oblastynda bolandygyny senagat önümçiligi boýunça «Lotos» ýörite ykdysady zolagynyň (ÝYZ) metbugat gullugy habar berýär. Sebitiň gubernatory Igor Babuşkin bilen geçirilen duşuşykda taraplar «Demirgazyk-Günorta» Halkara ulag geçelgesi boýunça ýük daşamagy ösdürmek we «Lotos» ÝYZ-de önümçiligiň lokalizasiýasy ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Mundan başga-da, Belarus tarapynyň wekilleriniň Astrahan port desgalary arkaly ýük daşamagy artdyrmak isleýändikleri bellendi. Belarus Respublikasynyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçisi Dmitriý Krutoý ýükleriň Belarusdan Astrahana, soňra bolsa Eýrana getirilmegi, galyberse-de, «Demirgazyk-Günorta» Halkara ulag geçelgesiniň üsti bilen Hindistana ýetirilmek mümkinçiligi üçin netijeli ortaça nyrhy tapmagyň zerurdygyny aýtdy.