Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň serhet wekilleriniň ikinji duşuşygy geçirildi
2024-nji ýylyň 3-nji iýulynda Türkmen-eýran serhediniň eýran bölegindäki «Lotfabad» gümrük nokadynda Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň serhet wekilleriniň 2-nji duşuşygy geçirildi. Duşuşyga, iki döwletiň gümrük, serhet we migrasiýa gulluklarynyň, Ilçihanalarynyň hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» we «Türkmendemirýollary» agentlikleriniň wekilleri gatnaşdy.