Türkmenistan we Germaniýa ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmegi goldaýarlar
2024-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa – Germaniýa» görnüşindäki ýokary derejeli ikinji duşuşygyna gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherine iş saparyny amala aşyrýar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iň resmi internet sahypasynda habar berilýär.